Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 16:1 - Mukaddes Kitap

1 Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шондан соң мен ыбадатханадан еди перишдә: «Гидиң-де, Худайың газабындан долы еди кәсәни ериң йүзүне дөкүң!» диен батлы сеси эшитдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 16:1
17 Iomraidhean Croise  

Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


Reb eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adama: «Keruplaryň aşagyndaky tigirleriň arasyna gir. Keruplaryň aralarynda ýanyp duran közlerden goşawujyňy doldur-da, şäheriň üstüne seç» diýdi. Ol adam meniň gözümiň alnynda tigirleriň arasyna girdi.


Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Ybadathanadan çykan başga bir perişde buludyň üstünde Oturana batly ses bilen şeýle diýdi: «Oragyňy işlet-de, or! Orak wagty ýetip geldi, sebäbi ýeriň hasyly ýetişdi».


Soňra gurbanlyk sypasyndaky oda gözegçilik edýän başga bir perişde sypadan çykyp, ötgür orakla batly ses bilen şeýle diýdi: «Sen-de ötgür oragyňy işlet. Ýerdäki üzüm agajyndaky salkymlary ýyg, çünki üzüm bişipdir».


Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.


Ýedinji perişde käsesini howa serpip goýberdi. Ybadathanadaky tagtdan: «Amala aşdy!» diýen batly bir ses eşidildi.


Reb seni ýola salyp: „Bar, şol günälileri – amalekleri gyryp, bütinleý ýok edýänçäň, olara garşy uruş“ diýipdi.


Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan