Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 15:3 - Mukaddes Kitap

3 Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Олар Худайың гулы Мусаның ве Гузының айдымыны айдярдылар: «Я Реб Хөкмүрован Худай! Сениң ишлериң бейик, тәсиндир. Эй, миллетлериң Шасы! Сениң ёлларың догры ве хакдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 15:3
49 Iomraidhean Croise  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Harun bilen onuň nesilleri ýakma gurbanlyk sypasynda, ýakymly ysly tütetgi sypasynda sadakalar hödürlediler. Iň mukaddes otagyň ähli işlerini etdiler. Hudaýyň guly Musanyň tabşyryklaryna laýyklykda, olar ysraýyl halkyny günäsinden sapladylar.


Şeýdip, Ýowaş patyşa Ýehoýada baştutany çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Rebbiň guly Musanyň ysraýyl halkyna Äht çadyry üçin salan salgydyny Ýahudadan we Iýerusalimden getirmekligi lewilerden talap etmediň?»


Öz mukaddes Sabat günüňi olara aýan etdiň. Guluň Musanyň üsti bilen olara tabşyryklar, parzlar we kanunlar berdiň.


Hudaýyň işlerini öwmegi unutma, ynsanlar bu hakda aýdym aýtdylar.


Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär.


Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.


Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, dogrularyň nesli bereket tapar.


Ol şum habardan gorkmaz, Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.


Dogrular Seniň adyňa şükür ederler, dogry ynsanlar huzuryňda mesgen tutarlar.


Ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Oldur, sadyklygy ebedi saklaýan Oldur.


Ýa Taňry, goňşularymyzyň Seni ýaňsylan ýaňsylaryny ýedi esse edip olaryň başyndan inder.


Seniň düzgünleriň örän ähtibarlydyr. Ýa Reb, mukaddeslik öýüňe baky mahsusdyr.


Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men – Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.


Ol çukura ýakynlaşanda, naýynjar ses bilen Danyýele: «Eý, diri Hudaýyň guly Danyýel, wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy.


Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.


Iýerusalimiň içinde bolan Reb dogruçyldyr, Ol hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Her gün ir säher bilen adalatly garaýar Ol Öz halkyna, Emma pis kişi pisligini edip, utanmany bilmeýär.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.


Soňra Musa bu aýdymyň sözlerini tutuş Ysraýyl jemagatyna eşitdirip, iň soňky sözüne çenli okady.


Çünki Rebbiň adyny jar ederin. Beýikdigi üçin Hudaýymyzy öwüň!


Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Musa geljekde aýan ediljek sözlere şaýatlyk etmek üçin, hyzmatkär kimin Hudaýyň öýüne sadyk boldy.


Emma Rebbiň guly Musanyň size beren buýruklaryny we kanunyny doly berjaý ediň. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, ähli ýerde Onuň ýolundan ýöräň, tabşyryklaryny ýerine ýetiriň, Oňa bil baglaň we bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk ediň».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň. Biz Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip, şalyk sürüp başladyň.


Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan