Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 15:2 - Mukaddes Kitap

2 Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Мен от билен гарышык, чүйшеден ясалан деңиз ялы бир зат гөрдүм. Онуң үстүнде җандары, онуң хейкелини, адыны аңладян саны еңенлер дурды. Оларың эллеринде Худайың берен арфалары барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 15:2
14 Iomraidhean Croise  

Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


Mähribanlarym, sizi synamak üçin başyňyza inen ot belasyna geň zada sataşan ýaly haýran galmaň.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Ol jandaryň tagmasy bolmadyklara zat satyn almaga ýa-da satmaga rugsat bermeýärdi. Bu tagma jandaryň adyny ýa-da adynyň sanyny aňladýandyr.


Diwar ýaşma daşyndan gurlupdy. Şäheriň özi bolsa tegmiltsiz aýna ýaly sap altyndan bina edilipdi.


Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan