Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 15:1 - Mukaddes Kitap

1 Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шондан соң мен гөкде ене бир улы ве тәсин аламат гөрдүм: гөкде еди перишде, херсиниң элинде болса бир бела барды. Бу белалар соңкы белалар болуп, олар Худайың газабыны соңлаярдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 15:1
21 Iomraidhean Croise  

Ol halas edýär we boşadýar. Gökde hem, ýerde hem alamatlardyr mugjyzalar görkezýär. Danyýeli ýolbarsyň penjesinden halas eden hut Oldur».


Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin.


arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Soňra ýedi gök gürrüldisi gürledi.


Ikinji bela hem geçdi. Ine, basym, üçünji bela ýetip gelýär!


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Perişde oragyny ýeriň ýüzünde işletdi-de, ondaky üzüm salkymlaryny ýygyp, Hudaýyň üzüm sykýan uly gahar-gazap çukuryna taşlady.


Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Soňra soňky ýedi bela bilen doldurylan ýedi käseli ýedi perişdäniň biri meniň ýanyma gelip: «Gel, men saňa gelni, Guza aýal boljagy görkezeýin» diýdi.


Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»


Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.


Onsoň ýedi perişdäniň hersi elindäki surnaýy çalmaga taýýarlandylar.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan