Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 14:8 - Mukaddes Kitap

8 Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Онуң ызындан учуп гелйән икинҗи перишде шейле диййәрди: «Йыкылды! Бейик Бабыл йыкылды! Өз азгын хыҗувларының шерабыны әхли миллетлере ичирди».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 14:8
17 Iomraidhean Croise  

Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi:


Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“». Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar.


Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.


Derdiňe derman bolmaz, ýaralaryň gutulmaz, seniň başyňa gelenini eşiden her kes begenjinden el çarpar. Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan heý, gaçyp gutulan boldumy?


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


Gören aýalyň bolsa ýer ýüzüniň patyşalaryna hökmürowanlyk edýän beýik şäherdir!»


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan