Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 14:2 - Mukaddes Kitap

2 Men gökden ägirt uly ummanyň güwwüldisi ýaly, güýçli gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Bu ses arfaçylaryň çalýan owazyna meňzeýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Мен гөкден әгирт улы умманың гүввүлдиси ялы, гүйчли гөк гүррүлдисиниң сеси ялы бир сес эшитдим. Бу сес арфачыларың чалян овазына меңзейәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 14:2
29 Iomraidhean Croise  

Dawut we tutuş ysraýyl halky Rebbiň huzurynda bar güýçleri bilen serwi agajyndan edilen dürli saz gurallaryny: lira, arfa, deprek, kimwaldyr kastanet çalyp tans edýärdiler.


Olar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne arfadyr liralar we surnaýlar çalyp geldiler.


Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.


Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!


Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.


Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.


Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin, oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin.


Ýa Reb, siller beýgeldi, siller öz sesini gataltdy, siller güwwüldisini artdyrdy.


Ulumsylyk saçýar olaryň agzy, öwünýär betkärleriň hemmesi.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň: mukaddesdir Ol!


Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler.


Ähli ysraýyllar gök gürrüldisini, ýyldyrym çakyşyny we surnaýyň sesini eşidip, dagyň bolsa, tüsseleýändigini görüp, gorkudan ýaňa titreşdiler we uzakda durdular.


Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp-çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.


Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.


Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.


Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn.


Rebbiň gününde Oňa sežde edýärkäm, meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Onsoň men ýeňse tarapymda surnaýyňky ýaly güýçli bir ses eşitdim. Ol ses:


aýaklary kürede gyzardylan mis ýaly ýalpyldaýardy, sesi ägirt ummanyň güwwüldisi ýalydy.


Iki pygamber gökden: «Bäri, ýokary çykyň!» diýýän batly sesi eşitdi. Onsoň olar duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda göge galdylar.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Arfaçylaryň we aýdymçylaryň, tüýdükçileriň we surnaýçylaryň owazy indi sende ýaňlanmaz. Indi senden senetçiler-de, senet-de tapylmaz. Indi senden degirmeniň sesi asla eşidilmez.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Onsoň men Guzynyň ýedi möhüriň birini döwenini gördüm. Şonda mahluklaryň biriniň gök gürrüldisi ýaly ses bilen «Bäri çyk!» diýenini eşitdim.


Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan