Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 14:15 - Mukaddes Kitap

15 Ybadathanadan çykan başga bir perişde buludyň üstünde Oturana batly ses bilen şeýle diýdi: «Oragyňy işlet-de, or! Orak wagty ýetip geldi, sebäbi ýeriň hasyly ýetişdi».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Ыбадатханадан чыкан башга бир перишде булудың үстүнде Отурана батлы сес билен шейле дийди: «Орагыңы ишлет-де, ор! Орак вагты етип гелди, себәби ериң хасылы етишди».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 14:15
20 Iomraidhean Croise  

Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogry hasaplady.


Sionyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Sionyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.


Oraklaryňyzy işlediň, çünki hasyl ýetişdi; üzüm sykylýan ýeri doly, Çelekler dolup daşýança basgylaň. Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň».


bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär.


Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir.


Beýle bolsa, ata-babalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň indi!


Hasyl bişende, ýaňky adam dessine oragy işe girizýär. Çünki orak wagty gelendir».


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Ol birinji jandara hyzmat edip, onuň bütin ygtyýaryny amal edýärdi, tutuş ýer ýüzüni we onuň ilatyny ölüm howply ýarasy biten jandara sežde etmäge mejbur edýärdi.


Onsoň görsem, ine, bir ak bulut bar. Buludyň üstünde ynsan ogluna meňzeş Biri otyrdy. Onuň başynda altyn täji, elinde hem ötgür oragy bardy.


Buludyň üstünde Oturan oragyny ýer ýüzünde işletdi. Şeýdip, ýeriň hem hasyly oruldy.


Gökdäki ybadathanadan başga bir perişde çykdy. Onuň hem ötgür oragy bardy.


Soňra gurbanlyk sypasyndaky oda gözegçilik edýän başga bir perişde sypadan çykyp, ötgür orakla batly ses bilen şeýle diýdi: «Sen-de ötgür oragyňy işlet. Ýerdäki üzüm agajyndaky salkymlary ýyg, çünki üzüm bişipdir».


Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy.


Ýedinji perişde käsesini howa serpip goýberdi. Ybadathanadaky tagtdan: «Amala aşdy!» diýen batly bir ses eşidildi.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan