Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 14:13 - Mukaddes Kitap

13 Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Онсоң гөкден бир сес эшитдим. Ол шейле дийди: «Муны яз: „Мундан бейләк Реббимизе иман эдип өленлер багтлыдыр!“» Рух хем шейле дийди: «Хава, олар чекен зәхметлеринден дынч аларлар, чекен зәхметлериниң рәхнетини гөрерлер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 14:13
41 Iomraidhean Croise  

Çünki maňa bolan sadyk söýgiň beýikdir, Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Emma sen ömrüňiň ahyryna çenli öz ýoluň bilen gidip, rahatlykda gözüňi ýumarsyň. Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň».


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.


Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.


Ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de, Rebbe degişlidiris.


Diýmek, Isa Mesihde imanly bolup aradan çykanlar hem heläk bolandyr.


Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Şoňa görä-de, Hudaýyň Isa Mesihe gowşan merhumlary Onuň bilen yzyna getirjekdigine-de ynanmalydyrys.


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Isa Mesih biziň üçin öldi. Ol muny biz ýaşasak-da, ölsek-de, Onuň bilen ýaşap bilmegimiz üçin etdi.


Käbir adamlaryň günäleri göz-görtele bolup, olar kyýamat gününden öň äşgärdir. Käbirleriniň günäsi bolsa wagtyň geçmegi bilen äşgär bolýar.


Şonuň ýaly, oňat işleriňem käbirleri äşgär, käbirleri bolsa äşgär däldir. Ýöne äşgär dälleri hem iru-giç mälim bolýandyr.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Bu ýedi gök gürrüldisi gürlände, men ýazmaga taýýarlandym. Ýöne gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, ýöne möhürle! Goý, olar gizlin galsyn!» diýen bir ses eşitdim.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Ýedinji perişde käsesini howa serpip goýberdi. Ybadathanadaky tagtdan: «Amala aşdy!» diýen batly bir ses eşidildi.


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


«Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär:


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly we mukaddesdir! Ikinji ölüm olara öz hökümini ýöredip bilmez. Olar Hudaýyň we Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen müň ýyl şalyk sürerler.


Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Şonda olara ak lybas berlip, ýene az salym sabyr etmelidigini aýtdylar. Çünki olaryň hataryna özleri ýaly öldüriljek ýoldaşlarynyň we doganlarynyň doly sany goşulmalydy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan