Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 14:11 - Mukaddes Kitap

11 Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Гыналмаларының түссеси болса эбеди түтәр. Җандара ве онуң хейкелине сежде эденлер я-да онуң адының тагмасыны басдыран адамлар не гиҗе, не-де гүндиз дынч аларлар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 14:11
30 Iomraidhean Croise  

Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbi şöhratlandyr, eý, meniň janym!


Reb hemişelik we baky höküm sürer».


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Gije-gündiz sönmez ol, tüssesi baky tütär, nesilden-nesle çolarar ýatar, asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez.


Rebbiň öç güni, Sionyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.


«Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar.


Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr».


Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Ol halklaryň arasynda siz janyňyza aram tapmarsyňyz we aýagyňyzyň dynjyny almaga ýer tapylmaz. Ol ýerde Reb size bükgüldeýän ýürek, kütelen gözler we synan göwün berer.


Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Ol birinji jandara hyzmat edip, onuň bütin ygtyýaryny amal edýärdi, tutuş ýer ýüzüni we onuň ilatyny ölüm howply ýarasy biten jandara sežde etmäge mejbur edýärdi.


Oňa jandaryň heýkeline jan berme güýji berildi. Jandaryň heýkeli gepläp başlady-da, özüne sežde etmeýänleri öldürtdi.


Ol jandaryň tagmasy bolmadyklara zat satyn almaga ýa-da satmaga rugsat bermeýärdi. Bu tagma jandaryň adyny ýa-da adynyň sanyny aňladýandyr.


Olaryň yzyndan uçup gelen üçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Kimde-kim jandara we onuň heýkeline sežde etse, maňlaýyna ýa-da eline onuň tagmasyny basdyrsa,


şäheriň ýangynynyň tüssesini görenlerinde: „Bu şähere taý geljek şäher barmydy?“ diýerler.


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


Mähelle ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hawa, lolynyň tüssesi ebedi tütär!»


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Şäherde gije asla bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de günüň nury gerek bolar, sebäbi Reb Hudaý olara nur saçar. Olar ebedilik şalyk sürerler.


Olar şeýle diýýärdiler: «Omyn! Hudaýymyza öwgi, şan-şöhrat bolsun! Oňa paýhas, şükürler, hormat, gudrat we kuwwat ebedilik ýar bolsun! Omyn!»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan