Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 13:4 - Mukaddes Kitap

4 Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol öz ygtyýaryny jandara beripdi. Olar: «Jandara taý geljek barmy? Oňa garşy urşup biljek barmy?» diýip, oňa hem sežde etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Адамлар аждарха сежде этдилер, себәби ол өз ыгтыярыны җандара берипди. Олар: «Җандара тай гелҗек бармы? Оңа гаршы уршуп билҗек бармы?» дийип, оңа хем сежде этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 13:4
18 Iomraidhean Croise  

Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Meni kime meňzedýärsiňiz? Kim bilen deňeşdirýärsiňiz? Kime deňeýärsiňiz, Maňa meňzeýän barmy?


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk Anagyň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.


Şondan soň men ýerden çykyp gelýän başga bir jandary gördüm. Onuň guzynyňka meňzeş iki şahy bolsa-da, aždarha ýaly gepleýärdi.


Oňa jandaryň heýkeline jan berme güýji berildi. Jandaryň heýkeli gepläp başlady-da, özüne sežde etmeýänleri öldürtdi.


Gören jandarym gaplaňa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha bu jandara öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýaryny berdi.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


şäheriň ýangynynyň tüssesini görenlerinde: „Bu şähere taý geljek şäher barmydy?“ diýerler.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


Jaludy görenlerinde, ähli ysraýyllar gorkularyna gaçdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan