Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 13:3 - Mukaddes Kitap

3 Jandaryň kelleleriniň birine ölüm ýarasy salnan eken. Ýöne bu ýara bitdi. Bütin dünýä haýran galyp, jandaryň yzyna düşdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Җандарың келлелериниң бирине өлүм ярасы салнан экен. Йөне бу яра битди. Бүтин дүнйә хайран галып, җандарың ызына дүшди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 13:3
15 Iomraidhean Croise  

Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.


Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy.


Şeýlelikde, fariseýler biri-birine: «Görýäňizmi, elimizden hiç zat gelmeýär. Bütin dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.


Hatda Simun hem iman etdi, suwa çümdürilenden soň bolsa Filipiň ýanyndan aýrylmady. Ol Filipiň amala aşyrýan beýik mugjyzalaryny we gudratlaryny görüp, haýran galýardy.


Ol birinji jandara hyzmat edip, onuň bütin ygtyýaryny amal edýärdi, tutuş ýer ýüzüni we onuň ilatyny ölüm howply ýarasy biten jandara sežde etmäge mejbur edýärdi.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Olaryň bäşisi heläk boldy, biri şalyk sürýär, ýene-de biri heniz gelenok. Ýöne ol gelende, uzak şalyk sürmez.


Birwagtlar bar bolup, indi ýok jandar bolsa sekizinjidir. Şol bir wagtyň özünde-de ol ýedileriň biri bolup, heläk bolmaga barýandyr.


Bu on patyşanyň maksady bir bolup, olar öz güýçlerini we ygtyýarlaryny jandara bererler.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan