Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 13:18 - Mukaddes Kitap

18 Bu ýerde danalyk gerekdir. Düşbi adam, goý, bu jandaryň sanyny hasaplap çykarsyn, çünki bu san belli bir adamy aňladýandyr. Onuň sany-da alty ýüz altmyş altydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Бу ерде даналык герекдир. Дүшби адам, гой, бу җандарың саныны хасаплап чыкарсын, чүнки бу сан белли бир адамы аңладяндыр. Онуң саны-да алты йүз алтмыш алтыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 13:18
10 Iomraidhean Croise  

Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler.


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.


Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?


(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».


Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Bulara düşünmek üçin paýhas we danalyk gerek. Ýedi kelle – bu aýalyň oturan ýedi dagyny we ýedi patyşany aňladýar.


Perişde şäheriň diwaryny-da ölçedi. Diwaryň beýikligi ýüz kyrk dört tirsek çykdy. Perişde bulary ölçände, ynsanlaryň ulanýan ölçegini ulandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan