Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 13:14 - Mukaddes Kitap

14 Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Бу җандар биринҗи җандарың адындан аламатлар гөркезип, ер йүзүниң илатыны алдава салярды. Ол гылыч билен өлүм ховплы яра салнандыгына гарамаздан, дирелен җандарың хейкелини ясамагы илата буюрды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 13:14
29 Iomraidhean Croise  

Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýdi.


Indi Men seni atalaryňyň ýanyna ýygnaryn, sen asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.


Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.


Gudratam, paýhasam Onuňkydyr, aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr.


Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Eger bir pygamber aldanyp, bir söz aýtsa, ol pygamberi aldawa salan Men-Rebdirin. Men oňa garşy elimi uzadyp, ony halkym Ysraýylyň içinden sogrup taşlaryn.


Meniň beren altyn-kümüş bezeg şaýlarymy alyp, erkekleriň heýkellerini ýasandyň we olar bilen zyna etdiň.


Men içerik girip seretdim, diwaryň töwerek-daşyna her hili süýrenijileriň, ýigrenji haýwanlaryň we ysraýyl halkynyň ähli butlarynyň suratlary çekilendi.


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Oňa jandaryň heýkeline jan berme güýji berildi. Jandaryň heýkeli gepläp başlady-da, özüne sežde etmeýänleri öldürtdi.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar».


Olaryň yzyndan uçup gelen üçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Kimde-kim jandara we onuň heýkeline sežde etse, maňlaýyna ýa-da eline onuň tagmasyny basdyrsa,


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Onsoň aždarhanyň, jandaryň we galp pygamberiň agyzlaryndan gurbaga meňzeş üç erbet ruhuň çykanyny gördüm.


Birinji perişde gidip, käsesini ýere dökdi. Jandaryň tagmasy bolan we onuň heýkeline sežde eden adamlarda erbet we agyryly ýaralar peýda boldy.


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan