Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 13:11 - Mukaddes Kitap

11 Şondan soň men ýerden çykyp gelýän başga bir jandary gördüm. Onuň guzynyňka meňzeş iki şahy bolsa-da, aždarha ýaly gepleýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Шондан соң мен ерден чыкып гелйән башга бир җандары гөрдүм. Онуң гузыныңка меңзеш ики шахы болса-да, аждарха ялы геплейәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 13:11
17 Iomraidhean Croise  

Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.


Men seredip durkam, kanalyň kenarynda bir goç gördüm. Onuň iki şahy bardy. Şahlarynyň ikisi hem uzyndy, ýöne biri beýlekisinden has uzyndy we şol uzyny soň çykypdy.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer.


Onsoň aždarha aýala gaty gazaplandy. Ol aýalyň beýleki çagalary, ýagny Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa barada şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Ol jandaryň tagmasy bolmadyklara zat satyn almaga ýa-da satmaga rugsat bermeýärdi. Bu tagma jandaryň adyny ýa-da adynyň sanyny aňladýandyr.


Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol öz ygtyýaryny jandara beripdi. Olar: «Jandara taý geljek barmy? Oňa garşy urşup biljek barmy?» diýip, oňa hem sežde etdiler.


Onsoň aždarhanyň, jandaryň we galp pygamberiň agyzlaryndan gurbaga meňzeş üç erbet ruhuň çykanyny gördüm.


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan