Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 13:10 - Mukaddes Kitap

10 Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Туссаг эдилмели – туссаг эдилер, гылычдан өлмели – гылычдан өлер. Худайың халкының гайратлылыгы ве садыклыгы, ине, шу ерде герекдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 13:10
29 Iomraidhean Croise  

Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul-gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Olar senden: „Biz nirä gideli?“ diýip sorasalar, sen olara Reb şeýle diýýär diý: „Gyrgyna höküm edilenleri gyrgyna, gylyja höküm edilenleri gylyja, açlyga höküm edilenleri açlyga, sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin“».


Ol gelip, Müsür ýurduny weýran eder. Ölüme höküm edilen ölüme, sürgüne höküm edilen sürgüne, gylyja höküm edilen hem gylyja berler.


Rebbiň halas edişine ümsüm garaşmak gowudyr.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler.


Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz.


Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.


Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Şoňa görä-de, Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa Mesihe sadyk bolup galýanlar gaýratly bolmalydyr.


Olar halkyňyň we pygamberleriňiň ganyny dökdi, Sen hem olara gan içirip, almytyny berdiň!»


Birwagtlar bar bolup, indi ýok jandar bolsa sekizinjidir. Şol bir wagtyň özünde-de ol ýedileriň biri bolup, heläk bolmaga barýandyr.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


„Men seniň ähli edenleriňi, söýgiňi, imanyňy, hyzmatyňy we gaýratyňy bilýärin. Seniň häzirki edýänleriňiň ozalkylardan köpdügini hem bilýärin.


„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


Eşidenleriňi we öwrenenleriňi ýada sal, olary berjaý et-de toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly bararyn. Meniň haýsy sagatda üstüňe barjagymy-da bilmän galarsyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan