Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 13:1 - Mukaddes Kitap

1 Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Аждарха деңзиң кенарында дурды. Шондан соң мен деңизден бир җандарың чыкып гелйәнини гөрдүм. Онуң он шахы ве еди келлеси барды. Шахларының херсине бир тәч гейдирилгиди, келлелеринде Худая дил етирйән атлар язылгыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 13:1
21 Iomraidhean Croise  

Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Aýaklaryň we barmaklaryň ýarysynyň toýundan, ýarysynyň bolsa demirdendigini gördüň. Bu bolsa bölünen patyşalygy aňladýar. Demriň toýun bilen garylandygyny görşüň ýaly, onda biraz demriň güýji bolar.


Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Şondan soň men ýerden çykyp gelýän başga bir jandary gördüm. Onuň guzynyňka meňzeş iki şahy bolsa-da, aždarha ýaly gepleýärdi.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Oňa jandaryň heýkeline jan berme güýji berildi. Jandaryň heýkeli gepläp başlady-da, özüne sežde etmeýänleri öldürtdi.


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Onsoň aždarhanyň, jandaryň we galp pygamberiň agyzlaryndan gurbaga meňzeş üç erbet ruhuň çykanyny gördüm.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Onsoň perişde meni Mukaddes Ruh arkaly çöle äkitdi. Men ol ýerde gyp-gyzyl jandaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm. Bu jandaryň tutuş endamy Hudaýa dil ýetirýän atlardan doludy, onuň ýedi kellesi, on şahy bardy.


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


Onsoň men jandary, dünýä patyşalaryny we olaryň goşunlaryny gördüm. Olar ata atlanyp Oturan we Onuň goşunlary bilen söweşmek üçin üýşüpdirler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan