Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 12:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma aždarhanyň ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini elden giderdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Эмма аждарханың еңмәге гүйҗи етмән, гөкдәки ерлерини элден гидерди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 12:8
18 Iomraidhean Croise  

Bir gören göz gaýdyp görmez olary, mekany-da olary ikilenç görmez.


Öýlerine gaýdyp gelmezler, öz mekanlary olary tanamaz.


Eger ýerlerinden goparylsa, ýer inkär edip: „Seni görmedim“ diýer.


Eý, Taňry, eşit sesimi, dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli.


Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.


Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim, Senden gizlin däldir meniň perýadym.


Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


sebäbi Ýudas etmeli hyzmatyny taşlap, özüne degişli ýere gitdi» diýdiler.


Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Onsoň gökde uruş başlandy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen olara garşy uruşdy.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan