Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Соңра асманда башга бир аламат пейда болды. Бу еди келлели, он шахлы, келлелеринде еди тәҗи болан әпет гызыл аждархады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 12:3
27 Iomraidhean Croise  

Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany – deňiz aždarhasyny jezalandyrar.


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.


Aýaklaryň we barmaklaryň ýarysynyň toýundan, ýarysynyň bolsa demirdendigini gördüň. Bu bolsa bölünen patyşalygy aňladýar. Demriň toýun bilen garylandygyny görşüň ýaly, onda biraz demriň güýji bolar.


Aýaklaryň barmaklarynyň ýarysynyň demirden, ýarysynyň hem toýundan bolmagy, bu patyşalygyň bir böleginiň güýçli, bir böleginiň bolsa ejiz boljakdygyny aňladýar.


Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy.


On şah bolsa bu patyşalykdan çykjak on patyşadyr. Bulardan soňra öňkülerden tapawutly başga bir patyşa döräp, öňki üç patyşany ýykyp taşlar.


Asmanda täsin bir alamat: Güne beslenen bir aýal peýda boldy. Onuň aýaklarynyň astynda ýaňy dogan Aý, başynda on iki ýyldyzly täji bardy.


Aždarha özüniň ýere zyňlandygyna düşünende, ogul dogran aýaly kowalamaga başlady.


Onsoň aždarha aýala gaty gazaplandy. Ol aýalyň beýleki çagalary, ýagny Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa barada şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.


Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.


Onsoň gökde uruş başlandy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen olara garşy uruşdy.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Gören jandarym gaplaňa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha bu jandara öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýaryny berdi.


Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol öz ygtyýaryny jandara beripdi. Olar: «Jandara taý geljek barmy? Oňa garşy urşup biljek barmy?» diýip, oňa hem sežde etdiler.


Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.


Onsoň aždarhanyň, jandaryň we galp pygamberiň agyzlaryndan gurbaga meňzeş üç erbet ruhuň çykanyny gördüm.


Seniň gören on şahyň bolsa heniz patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Ýöne olar jandar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar alarlar.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Näme geň galýarsyň? Aýalyň, onuň atlanyp barýan ýedi başly we on şahly jandarynyň syryny men saňa aýdaýyn.


Onuň gözleri ot ýaly ýanýardy, başynda hem birtopar täji bardy. Onuň maňlaýyna Onuň ady ýazylgydy, ýöne bu ady Özünden başga hiç kim bilýän däldir.


Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan