Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 12:14 - Mukaddes Kitap

14 Aýala ýylanyň öňünden çöle, bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Аяла йыланың өңүнден чөле, бир вагта, ики вагта, ярым вагта ченли иймитленҗек ерине учуп гачар ялы, улы бүргүдиң ики ганаты берилди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 12:14
10 Iomraidhean Croise  

Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi, maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.


„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Ol: «Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes öý adalatsyzlykdan tämizlener» diýip jogap berdi.


Aýal bolsa çöle gaçyp gitdi. Ol çölde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý şol ýerde oňa bir ýer taýýarlapdy.


Onsoň perişde meni Mukaddes Ruh arkaly çöle äkitdi. Men ol ýerde gyp-gyzyl jandaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm. Bu jandaryň tutuş endamy Hudaýa dil ýetirýän atlardan doludy, onuň ýedi kellesi, on şahy bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan