Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Мундан соң гөкден бир батлы сес эшитдим. Ол шейле дийди: «Ине, Худайымызың халас этҗек пурсады гелди! Онуң гудраты ве шалыгы амала ашды. Онуң Сайланының хөкмүрованлыгы беркарар болды. Худайымызың хузурында доганларымызы гиҗе-гүндиз айыплаян, олара төхмет атян шейтан ашак зыңылды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 12:10
24 Iomraidhean Croise  

Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň.


Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»


Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi?


Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?»


Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!


Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň: «Eý, Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin!


Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi.


Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.


Şonuň ýaly, garry aýallar hem gybata, şeraba ýykgyn etmän, tersine, Hudaýyň halkyna gelişýän tärde ýaşap, hemmelere ýagşy zatlary öwretmeklerini ünde.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Tagtda oturan Hudaýymyz we Guzy biziň Halasgärimizdir» diýýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan