Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Asmanda täsin bir alamat: Güne beslenen bir aýal peýda boldy. Onuň aýaklarynyň astynda ýaňy dogan Aý, başynda on iki ýyldyzly täji bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Асманда тәсин бир аламат: Гүне бесленен бир аял пейда болды. Онуң аякларының астында яңы доган Ай, башында он ики йылдызлы тәҗи барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 12:1
35 Iomraidhean Croise  

Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy.


Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Rebbiň elinde gözellik täji, Hudaýyňyň elinde şalyk jygasy bolarsyň.


Şol gün olaryň Hudaýy Reb halas eder, çünki olar çopan sürüsi kimindir. Olar täjiň gymmatbaha gaşlary ýaly Hudaýyň ýurdunda şöhle saçarlar.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Şonda käbir Töwrat mugallymlary we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir gudratly alamat görmek isleýäris» diýdiler.


Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.


Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.


Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar.


Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Men ýokarda, asmanda mugjyzalar, aşakda, ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Çünki suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigen siziň baryňyz indi Oňa beslenensiňiz.


Emma göklerdäki Iýerusalim azatdyr. Ol biziň enemizdir.


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


Bu beýik syrdyr, ýöne men munda Mesih we imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.


Şäheriň diwary on iki binýadyň üstünde bina edilipdi, olara Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy.


Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan