Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 11:9 - Mukaddes Kitap

9 Her halkdan, tireden, dilden we milletden bolan adamlar üç ýarym günläp olaryň jesetlerine tomaşa ederler we jaýlamaga rugsat bermezler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Хер халкдан, тиреден, дилден ве миллетден болан адамлар үч ярым гүнләп оларың җесетлерине томаша эдерлер ве җайламага ругсат бермезлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 11:9
14 Iomraidhean Croise  

Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.


Onsoň ol maňa: «Sen ýene-de köp halklar, milletler, diller we patyşalar hakda pygamberlik etmelisiň» diýdi.


Emma üç ýarym günden Hudaýyň dirilik demi olaryň bedenine girip, olar aýaga galdylar. Muny görenleri howsala gaplap aldy.


Jandara Hudaýyň halky bilen söweşip, olary ýeňmeklik ygtyýary berildi. Şeýle-de oňa her tiräniň, her halkyň, her dilden we her milletiň üstünden höküm sürmeklik ygtyýary berildi.


Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan