Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Олар пыгамберликлерини тамамланларында, довзахдан чыкан җандар олар билен уршар. Җандар олары еңер ве өлдүрер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 11:7
20 Iomraidhean Croise  

Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir arwah-jynlary kowup, şypa bererin, üçülenji güni işimi bitirerin.


Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.


Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym.


Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Onsoň aždarha aýala gaty gazaplandy. Ol aýalyň beýleki çagalary, ýagny Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa barada şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.


Şondan soň men ýerden çykyp gelýän başga bir jandary gördüm. Onuň guzynyňka meňzeş iki şahy bolsa-da, aždarha ýaly gepleýärdi.


Jandara Hudaýyň halky bilen söweşip, olary ýeňmeklik ygtyýary berildi. Şeýle-de oňa her tiräniň, her halkyň, her dilden we her milletiň üstünden höküm sürmeklik ygtyýary berildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan