Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 11:4 - Mukaddes Kitap

4 Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki çyradan, ine, şulardyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Дүнйәниң Реббиниң өңүнде дуран ики зейтун агаҗы, ики чырадан, ине, шулардыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 11:4
14 Iomraidhean Croise  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Reb saňa ‘Miwesi datly, ýaşyl ýaprakly zeýtun agajy’ diýip at berdi. Emma güýçli galmagally gopgun bilen ony oda berer, onuň şahalary ýanyp kül bolar.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da gabyň aşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Hawa, bagyň käbir şahalary döwlüp, ýabany zeýtunyň şahasy bolan siz oňa sapyldyňyz. Siz idedilip ýetişdirilen zeýtunyň köküniň şiresine şärik bolduňyz.


Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan