Аянлык 11:3 - Mukaddes Kitap3 Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler. Faic an caibideilМукаддес Китап3 Мен ики шаядымы иберерин. Олар хем җул гейнип, бир мүң ики йүз алтмыш гүнләп пыгамберлик эдерлер. Faic an caibideil |
Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.
Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!
Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.