Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 11:19 - Mukaddes Kitap

19 Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Онсоң Худайың гөкдәки ыбадатханасы ачылып, онуң ичиндәки Әхт сандыгы гөрүнди. Шол пурсатда йылдырымлар чакды, батлы сеслер, гөк гүррүлдиси эшидилди, ер титрәп, гүйчли долы ягды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 11:19
33 Iomraidhean Croise  

Olar Meribanyň boýunda Rebbi gazaplandyrdy, Musa olar zerarly oňaýsyz ýagdaýa galdy.


Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly; olary berjaý etmekde beýik sylag bar.


Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.


Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Jeňňel bütinleý ýok bolsa-da, ýer bilen ýegsan edilenem bolsa şäher,


Hek çalýanlara diwar ýykylar diý; güýçli ýagyş bilen daşly dolular ýagar; diwary tupanly ýel ýumrar.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men gazaplanyp, tupanly ýel bilen diwary ýumraryn, gaharym bilen güýçli ýagyş we daşly doly ýagdyryp, diwary ýer bilen ýegsan ederin.


Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.


Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar.


Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Asmanda täsin bir alamat: Güne beslenen bir aýal peýda boldy. Onuň aýaklarynyň astynda ýaňy dogan Aý, başynda on iki ýyldyzly täji bardy.


Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.


Şondan soň ýyldyrymlar çakdy, gümmürdäp, gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde ýaşap başlany bäri şeýle güýçli ýertitreme bolmandy.


Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Şondan soň gökde bir açyk gapyny gördüm. Ilkibaşda meniň bilen gepleşen, surnaýyň sesine meňzeýän ses maňa: «Ýokary çyk, Men saňa mundan soň bolmaly zatlary görkezeýin» diýdi.


Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler we gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýedi çyra ýanyp durdy, bu Hudaýyň ýedi Ruhudy.


Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar.


Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.


Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan