Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.
Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»