Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 11:13 - Mukaddes Kitap

13 Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Шол сагат бир гүйчли ертитреме болуп, шәхериң ондан бири юмрулды. Ертитремеде еди мүң адам хеләк болды. Аман галанлар горкуп, Гөгүң Худайыны шөхратландырдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 11:13
21 Iomraidhean Croise  

Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýamdan bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.


Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Soňra Ýeşuwa Akana: «Oglum, Ysraýyl Hudaýy Rebbi şöhratlandyr we Oňa şükür et. Indi bolsa, näme eden bolsaň maňa aýt, menden hiç zat gizleme» diýdi.


Emma üç ýarym günden Hudaýyň dirilik demi olaryň bedenine girip, olar aýaga galdylar. Muny görenleri howsala gaplap aldy.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:


Ýöne Sardisde öz lybasyny hapalamadyk birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen ak lybaslara beslenip gezerler, sebäbi muňa mynasypdyrlar.


Guzy altynjy möhüri döwende, ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara ýüňden dokalan jul kimin garaldy, Aý bolsa gana döndi.


Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.


Şoňa görä endamyňyza çykan çykuwlaryň hem-de ýurduňyza gyrgynçylyk getiren syçanlaryň altyndan şekillerini ýasap, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyryň; şeýtseňiz, belki, Hudaý sizden, siziň hudaýlaryňyzdan we ýurduňyzdan el çeker.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan