Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Iki pygamber gökden: «Bäri, ýokary çykyň!» diýýän batly sesi eşitdi. Onsoň olar duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda göge galdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Ики пыгамбер гөкден: «Бәри, ёкары чыкың!» диййән батлы сеси эшитди. Онсоң олар душманларының гөзүниң алнында булутда гөге галдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 11:12
21 Iomraidhean Croise  

Reb Ylýas pygamberi harasat içinde göge götermekçi bolanda, ol Elýaşa bilen Gilgaldan gaýdyp gelýärdi.


Olar gürleşip gidip barýarkalar, birdenkä alaw atlaryna tirkelen alaw söweş arabasy olary biri-birinden aýyrýar. Ylýas harasat bilen göge göterilýär.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Elli adama barabar bolan pygamberler topary-da bular bilen bile gidip, uzagrakda olaryň garşysynda durdular. Ylýas bilen Elýaşa hem Iordanyň kenar ýakasynda durdular.


Dawudyň miktamy Gora meni, eý, Hudaý, çünki Seni pena tutunýan.


Saňa intizarlar galmasynlar utanja, nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja.


Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.


Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn.


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Kimdir bu bulut kimin süýşýänler, höwürtgelerine gögerçin dek uçýanlar?


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär.


Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi.


Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys.


Aýal bir ogul – ähli milletleri demir hasasy bilen dolandyrjak bir oglan dogurdy. Onuň çagasy alnyp, Hudaýyň huzuryna – Onuň tagtyna eltildi.


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Şondan soň gökde bir açyk gapyny gördüm. Ilkibaşda meniň bilen gepleşen, surnaýyň sesine meňzeýän ses maňa: «Ýokary çyk, Men saňa mundan soň bolmaly zatlary görkezeýin» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan