Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 11:11 - Mukaddes Kitap

11 Emma üç ýarym günden Hudaýyň dirilik demi olaryň bedenine girip, olar aýaga galdylar. Muny görenleri howsala gaplap aldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Эмма үч ярым гүнден Худайың дирилик деми оларың беденине гирип, олар аяга галдылар. Муны гөренлери ховсала гаплап алды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 11:11
11 Iomraidhean Croise  

Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Tutuş ýygnagy we bu hakda eşidenleriň baryny uly gorky gurşap aldy.


Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.


Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Her halkdan, tireden, dilden we milletden bolan adamlar üç ýarym günläp olaryň jesetlerine tomaşa ederler we jaýlamaga rugsat bermezler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan