Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 10:5 - Mukaddes Kitap

5 Deňziň we ýeriň ýüzünde duranyny gören perişdäm sag elini göge galdyrdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Деңзиң ве ериң йүзүнде дураныны гөрен перишдәм саг элини гөге галдырды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 10:5
29 Iomraidhean Croise  

Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin.


Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we ondaky barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.


Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.


Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


Olary özlerine berjek iň gözel ýurduma, süýt we bal akýan ýurda getirmejekdigime çölde ant içdim.


Mundan başga-da, Men olary milletler arasyna pytradyp, başga ýurtlara dargatjakdygyma çölde ant içdim.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Sizi ata-babalaryňyza bermeklige ant içen ýurduma, Ysraýyl ýurduna getirenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Hudaýyňyz Reb Mendirin!“ diýip ant içen günümdir.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men elimi galdyryp ant içýärin, töweregiňizdäki ähli milletler-de beren gyjalatlary zerarly özleri ejir çekerler.


Ýurdy siz on iki tiräniň arasynda deň paýlaň. Men ony ata-babalaryňyza bermegi ant içdim. Bu ýurt size mülk edilip berler.


Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Men bütin şähere aýlanyp çykyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirdim. Bu zatlaryň arasyndan „NÄTANYŞ HUDAÝA“ diýen ýazgyly bir gurbanlyk sypasyny gördüm. Ine, men size özüňiziň tanamazdan sežde edýän Hudaýyňyz barada gürrüň bermekçi.


Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.


Elimi göge galdyryp, ant içýärin: Men ebedi diri!


Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden beýik hiç kimiň ýokdugy üçin, Öz adyndan kasam etdi.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Elinde açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňze, çep aýagyny bolsa ýeriň üstünde goýdy-da,


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


Ýedinji perişde käsesini howa serpip goýberdi. Ybadathanadaky tagtdan: «Amala aşdy!» diýen batly bir ses eşidildi.


«Ýa Reb Hudaýymyz! Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň. Hemme zady Sen ýaradansyň. Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.


Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan