Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 10:4 - Mukaddes Kitap

4 Bu ýedi gök gürrüldisi gürlände, men ýazmaga taýýarlandym. Ýöne gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, ýöne möhürle! Goý, olar gizlin galsyn!» diýen bir ses eşitdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Бу еди гөк гүррүлдиси гүрләнде, мен язмага тайярландым. Йөне гөкден: «Еди гөк гүррүлдисиниң айданларыны язма, йөне мөхүрле! Гой, олар гизлин галсын!» диен бир сес эшитдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 10:4
13 Iomraidhean Croise  

Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler.


Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz“ diýip ýaz.


Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle.


Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».


Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Gizlin syrlar Hudaýymyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Ozalky, şu wagt görýänleriňi we mundan beýläk görjek zatlaryňyň baryny ýaz.


Soňra gökden eşiden sesim ýene-de meniň bilen gepleşip, maňa: «Bar, deňziň we ýeriň ýüzünde duran perişdäniň elindäki açyk kitapçany al!» diýdi.


Onsoň ol maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň pygamberlik sözlerini gizlin saklama! Çünki olaryň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan