Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, onuň başynyň ýokarsynda älemgoşar şugla saçýardy. Perişdäniň ýüzi gün ýaly şöhle saçýardy, aýaklary bolsa ot sütünleri ýalydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Онсоң мен гөкден ашак инип гелйән башга бир гүйчли перишдәни гөрдүм. Ол булуда бүренипди, онуң башының ёкарсында әлемгошар шугла сачярды. Перишдәниң йүзи гүн ялы шөхле сачярды, аяклары болса от сүтүнлери ялыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 10:1
28 Iomraidhean Croise  

Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.


Reb Öz ýeňşini aýan eýledi, milletleriň nazarynda dogrulygyny aýan eýledi.


Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler.


Aýaklary sap altyn üstünde oturdylan mermer sütünler deý, görki Liwan deý, saýlama kedr agaçlary deý.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Bu Meniň üçin Nuhuň döwri kimindir, Nuhuň tupany ýer ýüzünde indi gaýtalanmaz diýip ant içişim ýaly, saňa-da gaharlanmaryn indi, hiç haçan käýemerin diýip ant içdim.


Özüňi buluda bürediň, dilegler eşidilmesin diýip.


Daş-töwerekdäki şöhläniň görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi. Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim.


Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.


Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


Eý, şahym, günortanlar ýolda barýarkam, birdenkä asmanda günden hem ýagty nur gördüm. Nur meniň we ýoldaşlarymyň daş-töweregine ýalkym saçdy.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Mundan soň men gökden inip gelýän başga bir perişdäni gördüm. Onuň uly ygtyýary bolup, şöhraty bütin dünýä nur saçdy.


Soňra bir güýçli perişde äpet degirmen daşy ýaly daşy galdyryp, ony deňze zyňyp, şeýle diýdi: «Beýik Babyl şäheri, ine, şeýle güýç bilen zyňlar! Ol indi asla tapylmaz!


Soňra men gökden inip gelýän bir perişdäni gördüm. Onuň elinde dowzahyň açary bilen uly bir zynjyr bardy.


Tagtda Oturanyň keşbi ýaşma, hakyk daşlary kimin şöhle saçýardy, tagtyň töwereginde zümerret ýaly älemgoşar bardy.


Soňra güýçli bir perişdäni gördüm. Ol batly sesi bilen: «Düýrlenen kagyzyň möhürlerini döwmäge, ony açmaga kim mynasyp?» diýip soraýardy.


Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan