Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 1:5 - Mukaddes Kitap

5-6 Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5-6 Өлүмден илкинҗи болуп дирелен, дүнйә шаларының Хөкүмдары болан садык шаят Иса Месихиң мерхемети ве парахатлыгы сизе яр болсун! Шөхрат ве гудрат бакы Месихиңкидир! Чүнки Ол бизи сөенсоң, ганыны дөкүп, гүнәлеримизден азат этди. Ол бизден Шалык ярадып, Атасы Худая хызмат этмек үчин бизи руханылар белледи. Омын!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 1:5
53 Iomraidhean Croise  

Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»


Sadyk şaýat ýalan sözlemez, galp şaýat her deminde ýalan ýagdyrýandyr.


Ine, Men ony halklara şaýat, baştutan hem baş serkerde etdim.


Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.


Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».


Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň.


Atamyň Meni söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň.


Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.


Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz.


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Ol görenine, eşidenine şaýatlyk edýär, ýöne Onuň şaýatlygyny hiç kim kabul etmeýär.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Olar hem Mesihiň görgi görmelidigini, ilkinji bolup ölümden direlip, Öz halkyna we keseki milletlere Hudaýyň nuruny yglan etmelidigini aýan edipdiler».


Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.


Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.


Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.


indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.


Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mülküdir.


Emma Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwrüpdi. Ol sizi söýensoň, şol näleti alkyşa öwrüpdi.


Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi.


Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Ähli zatda ilkinji orny alsyn diýip, başlangyç-da, ilkinji bolup ölümden direlen-de Oldur.


Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn:


Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


«Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Sadyk we dogruçyl Şaýat, Hudaýyň ýaradanlarynyň Başy, Omyn diýip Atlandyrylýan şeýle diýýär:


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan