Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Бу пыгамберлик сөзлерини йыгнага окап берйән багтлыдыр! Бу сөзлери эшидип, олары ерине етирйән багтлыдыр, чүнки бу пыгамберлигиң берҗай болмалы вагты голайдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 1:3
15 Iomraidhean Croise  

Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!


Ýermeýa Seraýa şeýle diýdi: «Babyla baranyňda, bu sözleriň ählisini halka okap bermegi unutma.


Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Şonuň üçin-de, biri-biriňizi söýüp ýaşaň, häzir zamananyň nähilidigini bilýänsiňiz. Ukudan oýanmaly sagadymyz gelip ýetdi, sebäbi biziň halas bolmaly pursadymyz Isa Mesihe iman eden wagtymyzdakydan has golaýlandyr.


Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň nazarynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bolsa bir gün ýalydyr.


Onsoň ol maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň pygamberlik sözlerini gizlin saklama! Çünki olaryň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


«Ine, Men tizara bararyn! Her kese eden işlerine görä berjek sylaglarym ýanymdadyr!


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


Men basym bararyn. Täjiňi hiç kim almaz ýaly, imanda berk dur.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan