Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýohanna hem Hudaýyň Isa Mesih baradaky habaryny, ýagny gören zatlarynyň baryny şaýat hökmünde beýan etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Ёханна хем Худайың Иса Месих барадакы хабарыны, ягны гөрен затларының барыны шаят хөкмүнде беян этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 1:2
22 Iomraidhean Croise  

Ýahýa ýene şaýatlyk edip, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ruhuň gökden kepderi kimin inip, Onuň üstüne inenini gördüm.


Isa Lazary mazardan çagyryp direldende, köp mähelle bu wakany gördi. Indi olar bu hakda hemmelere gürrüň berýärdiler.


Muny gören adam şaýat boldy, onuň şaýatlygy hakdyr. Ol siziň iman etmegiňiz üçin, özüniň dogry sözleýändigini bilýändir.


Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şol şägirtdir. Biz onuň şaýatlygynyň hakykatdygyny bilýäris.


Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz.


Sen görüp-eşidenleriňi ähli ynsanlara ýaýyp, Onuň üçin şaýatlyk edersiň.


Hany, tur, aýak üstüne gal. Men seni hyzmatkärim hem şaýadym edip saýlamak üçin saňa göründim. Sen öz gören we Meniň görkezjek zatlaryma şaýatlyk edersiň.


Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.


Bu bolsa meniň size Isa Mesih babatda aýdanlarymyň hakykatdygyny tassyklaýar.


Eý, doganlar, men size Hudaý baradaky şaýatlygy yglan etmäge baranymda, dilewarlyk ýa söz danalygy bilen barmandym.


Biz size owal-başdan bar bolan Ýaşaýyş Sözi hakda habar berýäris. Gulagymyz bilen eşidip, elimiz bilen tutup, gözümiz bilen görenlerimizi yglan edýäris.


Biz Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberendigini gördük we muňa şaýatlyk edýäris.


Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Ozalky, şu wagt görýänleriňi we mundan beýläk görjek zatlaryňyň baryny ýaz.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Onsoň aždarha aýala gaty gazaplandy. Ol aýalyň beýleki çagalary, ýagny Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa barada şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.


Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.


Goý, Rebbimiz Isanyň merhemeti ähliňize ýar bolsun!


Guzy bäşinji möhüri döwende, gurbanlyk sypasynyň aşagynda Hudaýyň Hoş Habary ugrunda we eden şaýatlyklary üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan