Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Мен Оны гөрен бадыма өли кимин аякларына йыкылдым. Эмма Ол элини эгниме гоюп, шейле дийди: «Горкма! Илкинҗи ве Ахыркы Мендирин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 1:17
30 Iomraidhean Croise  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Ýa Reb, meni erbediň elinden sakla hem-de zalym adamdan gora. Olar aýagyma badak atmak isleýär.


Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.


Musa adamlara: «Gorkmaň, çünki Hudaý sizi synamak üçin we Ondan gorkup, günä etmezligiňiz üçin geldi» diýdi.


Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum, ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Eý, Ýakup, eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, Ilkinji-de, Ahyrky-da Mendirin.


Seni çagyranymda, ýanyma gelip: «Gorkma!» diýdiň.


Daş-töwerekdäki şöhläniň görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi. Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim.


Ol sözüni dowam edip, maňa şeýle diýdi: «Danyýel, gorkma, çünki düşünmegi ýüregiňe düwen we Hudaýyňyň öňünde özüňi pespäl tutan ilkinji günüňden başlap, seniň sözleriň diňlendi we men seniň sözleriň sebäpli geldim.


Ol maňa bu sözleri aýdýarka, men ýüzümi aşak salyp, dilim tutuldy.


Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.


Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi.


Sakçylar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýazyldylar.


Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.


Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi.


Petrus yzyna seredende, Isanyň söýgüli şägirdiniň hem öz yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Bu şägirt agşamlyk nahary wagtynda Isa ýaplanyp, Ondan: «Agam, Saňa haýynlyk etjek adam kim?» diýip soran şägirtdi.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


«Izmirdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ölen we Direlen, Ilkinji we Ahyrky şeýle diýýär:


Alfa we Omega, Ilkinji we Ahyrky, Başlangyç we Soň Mendirin».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan