Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy.
Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.