Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 1:13 - Mukaddes Kitap

13 olaryň arasynda bolsa ynsan ogluna meňzeş Birini gördüm. Onuň egnindäki lybasy topugyna düşüp durdy, bilinde bolsa altyndan guşagy bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 оларың арасында болса ынсан оглуна меңзеш Бирини гөрдүм. Онуң эгниндәки лыбасы топугына дүшүп дурды, билинде болса алтындан гушагы барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 1:13
15 Iomraidhean Croise  

Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efodyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler.


Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.


Şol wagt ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degirdi. Men agzymy açyp geplemäge başladym, öňümde durana ýüzlenip, şeýle diýdim: «Eý, jenabym, bu görnüş zerarly men dert çekdim, mende güýç-kuwwat galmady.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.


Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Onsoň görsem, ine, bir ak bulut bar. Buludyň üstünde ynsan ogluna meňzeş Biri otyrdy. Onuň başynda altyn täji, elinde hem ötgür oragy bardy.


Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy.


«Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan