Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.
Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: patyşanyň paýyna düşen bugdaý orlup bolnandan soň, ikinji ekilen ekin gögerip başlan wagtynda, Reb çekirtge sürülerini çozdurdy.
Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».
Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady.
Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.