Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Amos 7:3 - Mukaddes Kitap

3 Onsoň Reb muňa gaýtmyşym etdi. Reb: «Beýle zat bolmaz!» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Онсоң Реб муңа гайтмышым этди. Реб: «Бейле зат болмаз!» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Amos 7:3
16 Iomraidhean Croise  

Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi.


Hudaý Iýerusalimiň halkyny weýran etmek üçin bir perişdesini iberdi. Perişde halky weýran etjek bolanda, Reb muny görüp, bu betbagtçylygy goýbolsun etdi. Ol weýran edýän perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek!» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabusly Ornanyň harman ýeriniň golaýyndady.


Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.


Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.


Ýahuda patyşasy Hizkiýa we tutuş Ýahuda Mikany öldürdimi? Ýok, Hizkiýa Rebden gorkup, Oňa ýalbardy. Reb-de halkyň garşysyna aýdan betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Biz bolsak öz janymyza elhenç betbagtlyk getirýäris!»


„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.


Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Reb muňa-da gaýtmyşym etdi. Hökmürowan Reb: «Bu-da bolmaz!» diýdi.


Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.


Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan