Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Amos 7:1 - Mukaddes Kitap

1 Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: patyşanyň paýyna düşen bugdaý orlup bolnandan soň, ikinji ekilen ekin gögerip başlan wagtynda, Reb çekirtge sürülerini çozdurdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Ине, Хөкмүрован Реб маңа шуны гөркезди: патышаның пайына дүшен бугдай орлуп болнандан соң, икинҗи экилен экин гөгерип башлан вагтында, Реб чекиртге сүрүлерини чоздурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Amos 7:1
14 Iomraidhean Croise  

Oljaňyz çekirtgeleriň ýygnaýşy kimin ýygnalýar, olar çekirtgeleriň topulyşy deý oljanyň üstüne topulýarlar.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.


Men Rebbiň özüme görkezen ähli zatlaryny sürgün edilenlere gürrüň berdim.


Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly ganat baglamadyk çekirtge iýdi. Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi, ganat baglan çekirtgeden artan hasyly gemriji çekirtge sürüsi iýdi.


«Men üstüňize iberen ägirt leşgerimiň: ganat baglamadyk, ganat baglan, ýumurtgadan çykan we gemriji çekirtge sürüsiniň hasyly iýip gutaran ýyllarynyň öwezini dolaryn.


Men sizi epgekdir heň bilen büräp örtdüm, baglaryňyzy we üzümlikleriňizi weýran etdim, injirdir zeýtun agaçlaryňyzy çekirtgeler ýuwutdy, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady.


Başga bir görnüş arkaly Reb maňa şuny görkezdi: ine, Reb şugul guraly bilen gurlan dim-dik diwaryň ýanynda durdy, elinde bolsa şugul bardy.


Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: bir sebet injir miwesi bardy.


Soňra Reb maňa dört ussany görkezdi.


Men siziň üçin topragyňyzdaky hasyly weýran etmegi çekirtgelere gadagan ederin. Meýdandaky üzüm agaçlaryňyz hasylsyz galmaz, Hökmürowan Reb diýýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan