Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Amos 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Muňa görä Sur diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Муңа гөрә Сур диварына от ягдырарын, от онуң галаларыны якып күл эдер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Amos 1:10
8 Iomraidhean Croise  

Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.


Baýlygyňy talap, mal-mülküňi basyp alarlar, diwarlaryňy ýykyp, gözel jaýlaryňy weýran ederler. Daşlaryňy, agaçlaryňy we topragyňy deňze taşlarlar.


Olar Suruň diwarlaryny weýran ederler, onuň diňlerini ýykarlar. Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin.


Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi harama çykardyň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim.


Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.


Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp kül eder.


Muňa görä Gaza diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder.


Emma Reb onuň bar ýygnanjasyny elinden alar indi. Deňizdäki güýjüni ýok eder, şäheri ot ýalmap-ýuwudar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan