Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




1 Korintoslylar 13:3 - Mukaddes Kitap

3 Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de, söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Эгер мен тутуш эмләгими гарып-гасарлара пайлап-да, магтанып билерим ялы теними гурбан эдип-де, сөйгим болмаса, буларың маңа хич пейдасы ёкдур.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




1 Korintoslylar 13:3
22 Iomraidhean Croise  

Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin, nepi degmez bularyň size.


Ine, siz dereksiz ýalan sözlere bil baglaýarsyňyz.


Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!» diýdi.


Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.


Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.


Petrus Oňa: «Agam, näme üçin men Seniň bilen häzir gidip bilmerin? Men Seniň üçin janymy bermäge-de taýýar» diýdi.


Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur.


Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan