Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 98 - Mukaddes Kitap


98‑nji mezmur

1 Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!

2 Reb Sionda beýikdir, ähli halklardan beýgeldilendir.

3 Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!

4 Sen adalaty söýýän Patyşa: ýüz görmezligi, adalaty, dogrulygy berkarar etdiň; bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.

5 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň: mukaddesdir Ol!

6 Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar, Rebbi çagyrýanlaryň arasynda Şamuwel hem bar. Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.

7 Ol olara bulut sütüninden gürledi, olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.

8 Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň. Sen etmişleri üçin jeza berseň-de, olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.

9 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan