Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 94 - Mukaddes Kitap


94‑nji mezmur

1 Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.

2 Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly, alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly.

3 Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.

4 Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.

5 Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony, gury ýere şekil berdi Onuň elleri.

6 Geliň, sežde edip, tagzym edeli, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli.

7 Çünki Ol biziň Hudaýymyzdyr, biz Onuň örüsiniň halkydyrys, Onuň elindäki goýunlardyrys. Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz:

8 «Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.

9 Ol ýerde atalaryňyz Meni barlady, edenlerimi görse-de, Meni synady.

10 Kyrk ýyllap şu nesli Men ýigrenç saýdym. Diýdim: „Bu halkyň ýüregi Menden uzakdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldir“.

11 Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim».

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan