Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 9 - Mukaddes Kitap


9-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Mut labende . Dawudyň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Mut labende. Dawudyň mezmury.


Alef
Alef

2 Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin; Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.

3 Sende begenerin, joşa gelerin, adyňy taryplap, nagma aýdaryn, ýa Beýik Hudaý!


Bet
Bet

4 Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende, büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.

5 Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy, Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary.


Gimel
Gimel

6 Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri, ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.

7 Müdimilik weýrançylykda ýok boldy duşman, şäherlerini ýok etdiň düýp-teýkaryndan, olary ýatlamadan galmady nyşan.


Dalet (He)
Dalet (He)

8 Ýöne Reb baky höküm sürýändir; Ol adalatly höküm çykarmak üçin, Öz tagtyny berkarar etdi.

9 Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar.


Waw
Waw

10 Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.

11 Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň.


Zaýin
Zaýin

12 Sionda mesgen tutan Rebbe nagmalar aýdyň, halklaryň arasynda eden işlerini jar ediň.

13 Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar, olary Öz hakydasynda saklaýar; ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar.


Ḥet
Ḥet

14-15 Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.


Ṭet
Ṭet

16 Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.

17 Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela


Ýod
Ýod

18 Ölüler dünýäsine düşer erbetler we Hudaýy unudan ähli milletler.


Kaf
Kaf

19 Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl, garybyň umydy hem baky ýitjek däl.

20 Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn, milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.

21 Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny, bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela


Lamed
Lamed

22 Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň? Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?

23 Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby; goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi.


Nun
Nun

24 Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar, açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.

25 Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz olar, pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.

26 Elmydama üstünlikli bolýar olaryň ýoly, göz ýetirerlerinden Seniň hökümleriň ýokary. Olar ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.


(Mem)
(Mem)

27 Ýüreginde diýýärler: «Bizi hiç zat sarsdyrmaz, nesillerden-nesle ýüzümiz ýamanlyk görmez».


Pe
Pe

28 Olaryň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly, dilleriniň astynda zyýan, etmiş bar.


Ğaýin
Ğaýin

29 Obalaryň ýanynda bukuda olar oturýar, bigünäni gizlin ýerde öldürýär; göz astyna alyp, ejizi olar aňtaýar;

30 şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär, garyby garbamaga buky ýerde garaşýar; duzak gurup, garyby torlaryna düşürýär.

31 Olar egilýär we ýapyrylýar, ejiz-de olaryň goluna düşýär.

32 Olar ýüreginde şeýle oýlaýar: «Hudaý edenlerimizi unutdy, ýüzüni sowdy, Ol asla görmeýär muny».


Ķof
Ķof

33 Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi, ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.

34 Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýär? ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýär?


Reş
Reş

35 Emma salýarsyň-a Sen nazary! Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly, dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti. Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni; ýetimiň hossary Sensiň.


Şin
Şin

36 Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny, erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.

37 Reb ebedi hem-de baky Patyşa, Onuň ýurdundan ýiter milletler.


Taw
Taw

38-39 Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň, olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň, ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin gulak goýarsyň; asly toprakdan bolan ynsandan mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan