Zebur 86 - Mukaddes Kitap86-njy mezmur 1 Koranyň nesillerine. Mezmur . Nagma. 1 Koranyň nesillerine. Mezmur. Nagma. 2 Reb şäheriniň binýady mukaddes daglardadyr. Reb söýýär Ýakup halkynyň ähli mesgenlerini, aýratyn-da Sionyň derwezelerini. 3 Eý, Hudaý şäheri! Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela 4 Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“». 5 Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder. 6 Reb «Bu adam Sionda doglan» diýip, halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela 7 «Meniň ähli gözbaşlarym Sionda» diýip, bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdarlar. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia