Zebur 84 - Mukaddes Kitap84‑nji mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury . 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury. 2 Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň. 3 Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň, onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela 4 Ähli gazabyňy Sen jylawladyň, ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň. 5 Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan el göter. 6 Sen gaharlanjakmy bize ebedi? Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy? 7 Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi? 8 Ýa Reb, bize sadyk söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et. 9 Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy. 10 Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar! 11 Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger. 12 Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar. 13 Hawa, Reb ýagşy zatlary berer, topragymyz öz hasylyny eçiler. 14 Dogrulyk Onuň öňünden ýörär, Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia