Zebur 82 - Mukaddes Kitap82‑nji mezmur 1 Nagma. Asafyň mezmury . 1 Nagma. Asafyň mezmury. 2 Eý, Hudaý, dymma, eý, Hudaý, ümsüm, biperwaý bolma. 3 Seret, duşmanlaryň pitne turuzýar, Seni ýigrenýänler başlaryny galdyrýar. 4 Seniň halkyňa garşy erbet niýet edinýär, Seniň goraýanlaryňa garşy dil birikdirýär. 5 Diýýärler: «Geliň, ýok edeli, goý, olar millet bolmasyn, mundan beýläk Ysraýylyň ady, goý, agzalmasyn». 6 Olar bir çukura tüýkürip, dil birikdirýär hem-de Saňa garşy äht baglaşýar: 7 edomlar we ysmaýyllar, mowaplar we hagarlar, 8 Gebal, Ammon hem-de Amalek, Pilişt hem-de Suruň ilaty, 9 Aşur-da goşuldy, olar Lut ogullaryny goldady. Sela 10 Sen Midýana hem-de Kişon çaýynda Sisera bilen Ýabyna edenleriňi olaryň başyndan inder. 11 Olar Endorda heläk edildi, olar topragyň dökünine öwrüldi. 12 Orep we Zeýep ýaly et serdarlaryny, Zebah we Salmunna dek – ähli serkerdesini. 13 Olar: «Geliň, Hudaýyň örülerini özümize mülk edineli» diýdiler. 14 Eý, Hudaýym, tüweleýdäki tozana, ýel öňündäki harpyga öwür olary. 15 Oduň tokaýy köýdürşi kimin, ýalnyň daglary otlaýşy kimin, 16 harasadyň bilen kowala Sen olary, apy-tupanyň bilen gorkuz olary. 17 Utanja gapla olaň ýüzüni, ýa Reb, şonda olar agtarar Seniň adyňy. 18 Baky ryswa bolup, goý, dowla düşsün, utanç içinde ýok bolup gitsin. 19 Goý, olar bilsin: Reb – diňe Sensiň, tutuş ýeriň Beýik Hudaýysyň! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia